“Zehin zehinden zyýada” şygary astynda geçirilen “Hünär ussatlygy” bäsleşigi
25.05.2021 1838
“Zehin zehinden zyýada” şygary astynda geçirilen “Hünär ussatlygy” bäsleşigi

Belli bolşy ýaly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklandy. Bu Döwlet maksatnamasy ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji möhüm resminama bolup durýar. Döwlet maksatnamasynda ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek meselesine uly orun berildi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde adamzat durmuşyna, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna kämil tehnologiýalar, sanly serişdeler işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi şu günki we geljekki nesillerden sanly tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarmagy, olardan peýdalanmagyň ýokary medeniýetine eýe bolmagy talap edýär. Şu durmuş zerurlyklary bilen baglanyşyklylykda, Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda umumybilim edaralarynda, hünär okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça tebigy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak maksatly çäreleriň we toplumlaýyn işleriň geçirilişine ünsi güýçlendirmek, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň arasynda sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işlerini alyp barmak bilen baglanyşykly çäreleriň giň toplumy meýilleşdirilendir. Bu ugurdaky derwaýys işlerde bilim ulgamynyň işgärlerine hem möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

 “Türkmen halkynda baýramlar goşa goşadan gelýär”  diýen jümleler şu ýyl hem öz beýanyny tapdy. Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler hem giň gerime eýe bolýar. Bu şanly seneler mynasybetli gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlar we beýleki durmuş medeni maksatly desgalar güneşli ülkämiziň binagärlik keşbine aýratyn bezeg berýär.

Ine şol şanly seneler mynasybetli biziň hem orta hünär okuw mekdebimizde, “Zehin Zehinden zyýada” şygary bilen “Hünär ussatlygy” bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik hünär ussatlygy boýunça geçirilýän halkara bäsleşikleriň standartlaryna laýyklykda gurnalyp geçirildi. Ol dürli hünärleri, ýagny “Kerpiç örüji”, “Ýyladyş we suw üpjünçilik”, “Elektromontaž”, “Landşaft dizaýneri” we “Surat çekmek”  ugurlaryny öz içine alýar. Bäsleşigiň şertleri şu aşakdakylardan ybarat:

-         Kerpiç örüji;

Her bir bäsleşige gatnaşyjy bellenen wagtda bäsleşigiň şertinde görkezilen kerpiç örüminden gurluşy ýerine ýetirmeli.

-         Ýyladyş we suw üpjünçilik;

Bäsleşige gatnaşyjylar otagda ýyly we sowuk suwy dogry çekmeklikde we olary ýyladyş ulgamyna suw üpjünçilik işlerini ýerine ýetirmeli.

-         Elektromontaž;

Bäsleşige gatnaşýan talyplar otagda elektrik ulgamyny gurnamaklyk işini talaba laýyk ýerine ýetirmeli.

-         Landşaft dizaýneri;

Bäsleşige gatnaşyjylar daş töweregi abadanlaşdyryp şäher gurluşygynyň nusgasyny göwrüm taslamada baş meýilnama görnüşinde ýerine ýetirmeli.

-         Surat çekmek;

Suratkeş talyplar ýumuş boýunça kompozisiýany bellenen wagtda ýerine ýetirmeli.

Talyplar ýokarda görkezilen ugurlar boýunça bäsleşdiler we berlen ýumuşy ýerine ýetirmek üçin dört sagat wagt berildi.

Bäsleşik tomaşaçylaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi.

Bäsleşige mekdebimiziň ähli toparlarynyň 1-nji we 2 nji ýyllyk talyplary gatnaşdylar. Her bir topar bäsleşige düýpli taýýarlyk görüp özleriniň iň ökde talyplaryny getirdiler.

Bäsleşik birinji, ikinji, üçünji ýerlere bölünip adalatly emin agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işiň ussatlygy, gözellik taraplary we talybyň öz ugry boýunça amaly bilim derejeleri barlanyldy. Olar üns bilen öz iş ýerlerinde yhlasly zähmet çekýän talyplaryň işlerini synladylar.

Bäsleşige badalga berleninden dört sagat soňra emin agzalary işleriň netijelerine baha bermek bilen bäsleşigiň jemini jemlediler. Şeýlelik bilen “Kerpiç örüji” ugry boýunça birinji orna mekdebiň 1-nji ýyllyk talyby Çerkezow Maksat mynasyp boldy. “Ýyladyş we suw üpjünçilik” ugry boýunça Aşyrmämmedow Muhammetmyrat, “Elektromontaž” ugryndan Ilmyradow Ýazmyrat, “Landşaft dizaýneri” we “Surat çekmek” ugurlary boýunça bolsa Amangeldiýew Orazmyrat we Amangeldiýewa Bägül dagylar 1-nji orny eýelediler. Beýleki bäsleşige gatnaşan talyplar hem baýrakly orunlara mynasyp bolup, gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi talyp ýaşlaryň bilim derejesiniň, hünär ussatlygynyň artmagyna we geljekgi hünärine we bilim alýan okuw jaýyna bolan söýgüniň artmagyna we olaryň dünýä garaýşynyň giňelmegine getirýär. Çünki şu günki ýaşlar biziň döwletimiziň gelejegidir, şolara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy bolsa bagtyýar gelejegiň girewidir.

A.Durdygylyjowa