Häzirki zaman gyzdyryjy enjamlary
30.03.2021 1898
Häzirki zaman gyzdyryjy enjamlary

Häzirki zaman gyzdyryjy enjamlaryň kemçilikleri we artykmaçlyklary.

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günleri türkmen halky üçin uly maksatlar bilen başlandy. Şanly seneler mynasybetli gurulup ulanylmaga berilýän desgalaryň sany köpeldildi çünki Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gurluşyk pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Ýurdumyzdaky gurluşyk desgalaryny dünýä ülňilerine laýyk gelýän derejede gurmak we gurluşygyň hilini täze derejelere  ýetirmek maksady bilen dürli görnüşli tehnologiýalary we enjamlary şol desgalara ornaşdyrmak, biz gurluşykçylaryň paýyna düşýär.

Häzirki zaman senagaty ýaşaýyş jaýlaryny gyzdyrmak üçin serişdeleriň köp görnüşini hödürleýär. Eger öňki görnüşler adaty spiral gyzdyryjylar bilen çäklenen bolsa, indi köpdürlilik gözüňi dokundyrýar. Öz öýüň üçin ýalňyşman nädip dogry gyzdyryjyny saýlamaly? Bu soragy has aýdyňlaşdyrmak üçin Türkmenistanda köp ýyl klimat ulgamynda öz hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanalarynyň hünärmenleri bilen maslahatlaşmak zerur bolup durýar.

Kärhana hünärmenleriniň belleýşi ýaly, ilki bilen adamzat häli şindi ideal gyzdyryjylary döretmändigine düşünmek gerek. Indiki gürrüňi ediljek her bir serişdeleriň artykmaçlyklary we kemçilikleri bar, olaryň her birini kesgitli şertlerde we otaglarda ulanmak has ýerlikli bolar.

-          Soňky ýyllaryň dowamynda iň giň ýaýran  görnüşleriň biri – ýagly radiator. Ol  tygşytly,  howpsuz, haýal sowaýar özi hem uzak wagtlap  gyzýar we otagy haýallyk bilen gyzdyrýar, howany guraklandyrmaýar hem diýip bolar we  otaglardaky kislorody ýakmaýar, galmagalsyz işleýär. Otaglary ýeterlikli derejede gyzdyryp bilýär we  temperatura kadalaşdyryjy termostatyň hasabyna  gije-gündiz ulanylyp bilner. Kemçiligi – onuň agyrlygy  we ykjamlygynyň pesligi. Ýagly gyzdyryjyny ondan ýagyň syzdyrýandygyny ýa-da akýandygyny ýüze çykarsaňyz ulanmak bolmaýar, ýagny bu ýagdaý ýangyna getirip biler.

-          Iň girdejili, ýöne rasional däl görnüş – spiral gyzdyryjysy hasaplanýar. Olar otagy örän çalt, ýöne deň derejede gyzdyrmaýar, üstesinede onuň birnäçe howply häsiýetleri  bar. Ol otagdaky kislorody güýçli ýakýar, howany  guraklandyrýar, enjamyň has gyzmagynyň öňüni alýan awtomatiki termostaty ýok, agdarylan ýagdaýynda ýangyna sebäp bolup biler, ýanan tozanyň ýa-da  plastikanyň ýakymsyz ysyny ýygy-ýygydan çykarýar  (eger korpusy pes hilli materiallardan ýasalan bolsa).  Şeýle-de spiral peçleri elektrik energiýasyny örän  köp sarp edýär.

-          Infragyzyl gyzdyryjylary howany däl-de daş töwerekdäki  enjamlary gyzdyrmak üçin ulanylýan ýerler üçin örän  amatlydyr. Bu ýagdaý kwars turbajyklaryň ýa-da kwars çyrajyklaryň çykarýan infragyzyl şöhlelenmäniň hasabyna bolup geçýär. Bu görnüşli gyzdyryjylaryň daşky görnüşi  köpdürlidir: käbirleri adaty spiral gyzdyryjylaryna meňzeýär, käbirleri bolsa aýna, potolok ýa-da diwar panelleri emele getirýär, käbir ýagdaýlarda bolsa suratlaryň ýa-da şpalýerleriň (ýüzüne surat çekilen diwar) astynda bezelen bolup biler.

       Infragyzyl gyzdyryjylary ýaşaýyş jaýlaryny, aýratyn hem ýatylýan otaglary hemişelik gyzdyrmak üçin ulanmaklyk maslahat berilmeýär, sebäbi olaryň şöhlelenmesiniň adama edýän täsiri doly öwrenilmedik. Bu görnüşli gyzdyryjylary jaýyň açyk eýwanlarynda, hammam otaglarynda, açyk telärlerde gurnamak has ýerlikli bolar. Bu gyzdyryjy saýlananda uzak tolkunly şöhlelenmeli görnüşi saýlamaklyk maslahat berilýär. Gurnalanda bolsa gyzdyryjynyň golaýynda ýerleşýän zatlara üns berilmeli – olaryň käbirleri ýylylygyň täsiri astynda bozulyp bilner. Infragyzyl gyzdyryjylarynyň kemçilikleriniň arasynda gymmat bahaly bolmagy we çylşyrymly gurnama işlerini (diwarda ýa-da potologa gurnalýan paneller bolan ýagdaýynda) ýüze çykarmak mümkin.

Ýylylyk örtügi (ýylylyk perdesi): esasan diwara şemalyň köp bolan ýerinde – aýna ýa-da gapy ýerleriniň üstünden ýa-da yzygider açylyp we ýapylyp durýan otaglaryň  girelgelerinde mysal üçin söwda merkezleriniň  gapylarynyň üstünde gurnalýar. Uly göwrümli  otaglary gyzdyrmaga bularyň mümkinçiligi ýok.

Konwektor sowuk howany aşakdan çekip alýar we ony gyzdyrýar, mundan soň ýyly howa otaga  ýokardaky ýörite deşikler arkaly ýaýraýar. Adatça  içinde wentilýatorlar bilen gurnalmadyk gelýär,  ýöne käbir modellerde wentilýatorly görnüşleri  bolýar. Gurnalanda az meýdany tutýar we gelşikli  görünýär. Korpusy ýokary derejede gyzmaýar, bu  bolsa birden eliň degen ýagdaýynda bişirip almak  mümkinçiligi peseldýär. Ony otagda süýşürip bolýar  we diwara berkidip hem ýerleşdirip bolar.  Temperatura kadalaşdyryjysy bar, onuň gyzdyryşy hemişe däl-de, berlen ölçegleri saklamak üçin işleýär. Konwektory gije-gündiz ulanmak mümkin, ol bütinleý sessiz işleýär we elektrik energiýany tygşytly sarp edýär.

Gyzdyryjylaryň  görnüşleriň ählisinde diýen ýaly goragy bar, olar enjam gyzan ýa-da agdarylan ýagdaýynda öçýär, käbirlerinde daş aralykdan dolandyrmak üçin “pult” we öçmekligi belli bir wagta goýup bolýan “taýmer”  ýa-da otagda temperatura peselen ýagdaýynda awtomatiki enjamy işletýän temperatura datçigi gurnalan bolup biler. “Bluetooth” ýa-da Wi-fi hyzmaty bolan görnüşlerini “akylly öý” ulgamyna ýerleşdirilip bilner.

Bularyň barysy – häzirki zaman gyzdyryjy enjamlar barada gysgaça maglumatlar. Siziň ýaşaýyş jaýyňyza haýsysynyň laýyk geljegini çözmek siziň eliňizdedir, ýöne olaryň ählisini hem ulanyş gözükdirmesi esasynda berjaý edilmelidir.

 

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nurnepesow Myratnepes