Mekdep kitaphanasy barha baýlaşýar
11.02.2021 2646
Mekdep kitaphanasy barha baýlaşýar

Gahryman Arkagadymyzyň  oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, parasatly bilim syýsatynyň binýatlyk ýörelgelerinden we maksatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň  ruhy, medeni, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň binýady hasaplanýan  bilim ulgamynyň edarasy bolan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde okuw meýilnamalaryna, okadylýan dersleriň okuw maksatnamalaryna laýyklykda talyplara bilim bermek, dünýä standartlaryna laýyk gelýän hünärleri öwretmek, olaryň başarnyklaryny, endiklerini  yzygiderli ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar.

Bu orta hünär okuw mekdebinde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen otaglaryň bolmagy, okuw dersleriniň öz hünärleriniň ussady bolan tejribeli mugallymlar tarapyndan okadylmagy talyp ýaşlaryň öz ukyplaryny, başarnyklaryny doly ulanyp bilmegi we olaryň watansöýüji, zähmetsöýer, ýokary ruhy-ahlak sypatlaryny özünde jemleýän hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilendigine doly şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, talyplaryň okuwdan boş wagtlary öz döredijilik ukyplaryny artdyrmagy, bilim tehnologiýalarynyň içgin syrlaryna has çuň aralaşmagy üçin mekdepde kitaphana hyzmatlarynyň ýokary derejede guralandygyny hem belläp geçmek gerek. Mekdebiň kitaphanasynyň kitap gaznasy hormatly Prezidentimiziň eserleri, ýurdumyzda çap edilýän okuw kitaplary, okuw gollanmalary, ylmy monografiýalar, şeýle hem talyplaryň ýyllyk işlerini we taslamalaryny, diplom işlerini we taslamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin mekdebiň tejribeli mugallymlary tarapyndan taýýarlanan gollanmalar bilen  yzygiderli baýlaşýar. Şeýle ylmy monografiýalaryň biri hem A.Gurbangulyýew, G.Gulgeldiýew, M.Serdarow tarapyndan taýýarlanyp, çap edilen “Türkmenistanda salgytlar we salgyt salmak” atly ylmy monografiýadyr.  Bu ylmy monografiýada salgytlaryň mazmuny, olaryň toparlara bölünişi, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň mazmuny,  ýurdumyzda ulanylýan salgytlaryň we ýygymlaryň görnüşleri, olaryň hasaplanyş tertibi giňden beýan edilýär.

Bu kitapda salgytlaryň öz döreýiş taryhyny gadymyýetden alyp gaýdýandygy we salgyt ulgamynyň taryhynyň adamzat jemgyýetiniň gadymy siwilizasiýasynyň taryhy bilen utgaşýandygy hakynda hem gyzykly maglumatlar berilýär. Şunuň bilen birlikde, bu monografiýada  gadymy Wawilonda, Müsürde, Gresiýada, Rimde, Hytaýda, Hindistanda, Pars we Parfiýa döwletlerinde salgyt ulgamynyň kemala geliş we  ösüş taryhy, ol döwletlerde ulanylan salgytlaryň we ýygymlaryň görnüşleri  giňden beýan edilýär.

Islendik döwletde salgyt ulgamynyň ösüş derejesi döwletiň ykdysady ösüş ýagdaýy we adamlaryň durmuş derejesi bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Ine, şonuň üçin gadymy döwürlerde hem alymlar salgyt salmaklygyň nazaryýet esaslary bilen gyzyklanypdyrlar. A.Gurbangulyýewiň, G.Gulgeldiýewiň, M.Serdarowyň “Türkmenistanda salgytlar we salgyt salmak” atly ylmy monografiýasynda  gadymy grek alymlary Ksenofondyň, Platonyň, Aristoteliň salgyt salmaklygyň nazary esaslary bilen bagly ylmy garaýyşlary giňden öwrenilip, olara baha berlipdir.

Adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň orta asyrlarynda hem eýeçilik gatnaşyklarynyň özgermegi bilen salgyt ulgamyny ösdürmeklik uly ähmiýete eýe bolupdyr. Orta asyrlarda salgyt ulgamynyň nazaryýet esaslaryny ylmy esasda öwrenmekde we ösdürmekde Ýewropa ýurtlarynyň alymlarynyň bitiren hyzmatlary uly bolupdyr.  Şonuň üçin bu kitapda salgytlar babatda ýewropaly alymlar A. Smitiň, D.Rikardonyň, W.Pettiniň, F.Keneniň we beýlekileriň bitiren hyzmatlary aýratyn bellenip geçilýär. Mälim bolşy ýaly,  salgyt nazaryýetiniň ösmeginde Gündogaryň meşhur alymlary Abu Ýusup Ýakubyň, Ýahýa ibn Adam Kuraýşynyň, Kudama ibn Japaryň bitiren hyzmatlary örän uludyr, sebäbi olar salgyt nazaryýetiniň taryhynda ilkinji ylmy eserleri döreden alymlardyr. Bu kitapda bolsa ol alymlaryň eserleri barada talyp ýaşlary gyzyklandyrýan örän baý maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu kitapda Gündogaryň beýik alymlary al-Buharynyň, al-Farabynyň, ibn Sinanyň, al-Birunynyň, al-Gazalynyň, ibn Haldunyň we beýleki birnäçä belli alymlaryň salgyt nazaryýeti babatda ylmy garaýyşlary giňişleýin beýan edilipdir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda ulanylýan salgyt ulgamynyň düýbi geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda tutuldy we soňra bu ulgam tapgyrma-tapgyr kämilleşdirilip, baýlaşdyrylyp biziň günlerimize gelip ýetdi. Ine, şonuň üçin A.Gurbangulyýewiň, G.Gulgeldiýewiň, M.Serdarowyň “Türkmenistanda salgytlar we salgyt salmak” atly ylmy monografiýasynda  ýurdumyzyň milli salgyt ulgamynyň döreýiş we ösüş taryhy bilen bagly täsirli maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu kitapda dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň salgyt ulgamynyň aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr. Kitabyň şeýle mazmunda beýan edilmegi bolsa, salgyt ulgamynyň döreýiş, ösüş taryhy bilen gyzyklanýan, türkmen halkynyň geçmişine buýsanýan, şu günki gününe guwanýan we geljegine uly ynam bilen garaýan talyp ýaşlarymyzyň  bilime, ylma bolan höwesleriniň mundan beýläk hem artmagyna uly itergi berer diýip, ynamly aýtmaklyga mümkinçilik berýär.