Milli Liderimiziň «Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistanyň Bitaraplygy: döredijiligiň we
ösüşiň syýasaty», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan
– Bitaraplygyň mekany» ýaly ajaýyp kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň
many-mazmuny, taryhy kökleri, dünýäde ykrar edilýändigi we goldanylýandygy,
onuň esas goýujy düzgünleri giňişleýin düşündirilýär. Bitaraplygyň
türkmen nusgasynyň mümkinçilikleriniň çäksizdigi nygtalýar. Olarda öwran-öwran
nygtalyşy ýaly, türkmen halky hemişe-de islendik jedelli meseläni çözmegiň,
ilki bilen, parahatçylykly ýoluny öňe sürüpdir. Türkmen Bitaraplygy
parahatçylygyň ýoludyr, ähli halklaryň dostluk we doganlyk ýoludyr. Şeýle
döredijilikli garaýyşlar türkmen Bitaraplygynyň deňi-taýy bolmadyk,
gaýtalanmajak, ýeke-täk görnüşiniň esasyny, mazmunyny, düýp özenini düzýär. Bu
görnüşde häzirki zaman dünýägaraýşy we türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasy
sazlaşykly beýanyny tapýar. Şulardan
görnüşi ýaly, baky Bitaraplyk berkarar döwletimiziň güýç-kuwwaty hem belent mertebesidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, öňki gurlan türkmen döwletleriniň gülläp ösmeginiň we güýjüniň, şeýle-de ondaky ähli milletleriň bolelin durmuşda ýaşamagynyň baş şerti türkmeniň häsiýetiniň özboluşly milli aýratynlygydyr. Açyk ýüreklilik, hyzmatdaşlyga taýýarlyk, tebigy parahatçylyk söýüjilik, sabyrlylyk, özgäniň pikirine hormat – bularyň ählisi birnäçe müňýyllygyň dowamynda kemala gelip, türkmeniň özboluşly milli aýratynlygynyň özenini düzýär. Şu ýerde türkmen serkerdesi Baýram han Türkmeniň şu sözlerine ýüzlenmek ýerlikli bolar: «Kimdir birini ýeňmekden onuň bilen ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamak has güýçli sungatdyr». Türkmen Bitaraplygy bolsa milli Liderimiziň parahatçylygy döretmek sungatydyr. Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary hem Berkarar ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ata Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklary, Bitaraplyk ýörelgeleri agzybir, asuda geljegiň binýadydyr. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäde ykrar edilen öňdengörüji syýasatçynyň parahatçylyk pelsepesi adamzadyň agzybir, asuda, parahat ýaşamak hakyndaky arzuwlarynyň wysal bolmagydyr. Türkmenistan – parahatçylygyň Watany. Geçen ýylda Gallup halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu hoş habar bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň abraýyny has-da belende galdyrdy. Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň netijelerine laýyklykda, 2019-njy ýylda hem ýurdumyz dünýäniň iň howpsuz döwletleriniň hataryna girdi. Baky Bitaraplyk ýoluny seçip almak bilen, bu gün ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň ýokary depginlerini, eziz Diýarymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge hem-de sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşmeleri görkezýär. Parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleridir halklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ileri tutmak ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny adamzat bähbitlerini hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, dünýä ýüzünde oňyn seslenme tapan we ykrar edilen köp sanly başlangyçlar bilen çykyş etdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl dünýä bileleşigine sebit howpsuzlygynyň, durnuklylygyň hem-de okgunly ösüşiň, ýurduň we halkyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini hem-de ornuny has doly açyp görkezýär. Şu ýylda parahatçylygyň we ynanyşmagyň dünýäde wagyz edilmegi dartgynlylygy azaltmak, jedelleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýol bilen kadalaşdyrmak, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň derejesiniň pese gaçmagyny ýeňip geçmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga täze itergi berýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça başlangyçlarymyz dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.
Türkmenistan – ynanyşmagyň Watany. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halklaryň geljegi dostluk hem-de ynanyşmak ýörelgeleriniň esasynda ynsanperwerlikli taglymlara eýerilmeginiň netijesinde gurulýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň yglan eden «Parahatçylyk we ynanyşmak» paýhasynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarymyzyň pikir dowamydygyny, ynamyň gowşak ýerinde gatnaşyklaryň doly mazmunda dowam etmejekdigini, biziň Bitaraplygymyzyň ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýandygyny nygtaýar. Biziň bu ýörelgämiz öz halkymyza we bütin adamzada parahatçylyk, dost-doganlyk, rahatlyk, ynanyşmak, abadan durmuş isleýän ýüregimiziň emridir. Şunuň bilen biz öz beýik maksatlarymyzy amala aşyrýarys, uly ösüşleri gazanmak bilen, bagtly durmuşymyzy üpjün edýäris, parasatly pikirlerimizi öňe sürmek, olary, beýik başlangyçlarymyzy ykrar etdirmek bilen, dünýäniň abadançylygy ugrunda göreşýäris. Özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk türkmen Bitaraplygyna mahsus bolup, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmekde hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmekde bu taglymatyň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiz: «Durmuşdaky hakyky üstünlikler näçe beýan edildigiçe, olary köpe ýaýyp bolýar. Ýagşyny ýaýmak adamkärçiligiň nyşany, biziň halkymyz bolsa, şonda sogap bar diýen ynama eýerýär» diýip belleýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek halkara maslahat hem şanly ýylda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmekde, olary jemlemekde möhüm ähmiýetlidir. «Zeminiň abadanlygy – ulus-iliň abadanlygy!», «Ömrüň manysy – Watanyň parahatçylygynda» diýýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk syýasaty hemişe dünýäde dabaralansyn! Zeminde dünýä halklarynyň agzybirliginiň we dostlugynyň mukamy belentden ýaňlansyn! Türkmenistan – bahar baýramy, Türkmenistan – dostluk mekany. Goýny baky baharly dostluk mekanynda toýlanýan, dünýä halklaryny jebislige, parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige çagyrýan baýram bolan Halkara Bitaraplyk güni, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy, dünýä jemgyýetçiligini tüýs ýürekden gutlaýarys!
Nurylla GÖKLEŇOW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.