Sanly Ykdysadyýetiň Gadamlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek” atly taslamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň bilermenleri üçin sanly dolandyryş ugruna degişli gysga möhletli okuwlar başlandy. Şu ýylyň 24-nji martynda başlanan okuw 30-njy maýa çenli dowam eder.
Bu okuwlar Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen maksatlardan we wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysadyýet boýunça ösüşlerine has-da giň gerim bermek maksady bilen alnyp barylýar.
Gysga möhletli okuwlaryň maksady ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumat-kommunikasiýa bölümleriniň ýokary bilimli hünärmenleriniň sanly ykdysadyýet boýunça bilimini ýokarlandyrmak hem-de olaryň sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklaryny we mümkinçilikleri baradaky umumy düşünjelerini berkitmekden ybarat bolup, okuwa gatnaşýan hünärmenleriň alyp barýan işleriniň durmuş bilen baglanyşykly ýollaryny güýçlendirmäge, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini ýokarlandyrmaga niýetlenilendir. Şunuň bilen baglylykda, bu okuwa ýurdumyzyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan jemi ýigrimi bir hünarmen gatnaşýar.
Okuwa gatnaşýan diňleýjiler ýurdumyzyň dolandyryş işinde maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýetde maglumat ulgamlary, maglumat howpsuzlygynyň esaslary we maglumat gorlary, ýagdaýy seljermek we dolandyryş çözgütleriniň modelleri, elektron hökümetiň tehnologiýalary, maglumatlaryň intellektual taýdan seljerilişi, maglumat jemgyýetinde döwlet dolandyrylyşy, üýtgeşmeleri dolandyrmak, döwlet maliýe serişdelerini we bank pudagyny dolandyrmak, sanly dolandyryşyň kadalaşdyryjy-hukuk esaslary ýaly temalara degişli häzirki zaman düşünjeleri çuňňur özleşdirmek hem-de olar boýunça alnyp barlan işleri amaly taýdan durmuş ulgamlarynda kämilleşdirmäge ugur alarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçirilýän okuwyň dowamynda diňe öz ýurdumyzyň ussat hünärmenleri däl, eýsem daşary ýurtly hünärmenler hem göni we teleköpri arkaly okuwy guramaga gatnaşyp, ýurdumyzda okatmagyň täze tehnologiýalary boýunça diňleýjilere bilim bermäge hem-de olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga kömek berýärler.
Muňa mysal edip, akademiýanyň 2012-nji ýyldan bäri hyzmatdaşy bolan Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň maglumat gorlaryny dolandyrmak, şeýle hem döwlet dolandyryşy we gurluşy kafedralarynyň professor-mugallymlary, hünärmenleri Aşgabat şäherinde guralýan okuwyň diňleýjileri üçin Minsk şäherinden teleköpri arkaly sapak bermäge gatnaşdylar. Bu çäräniň özi okuwyň guramaçylyk gerimini giňeltmek bilen, döwletara gatnaşyklarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär.