“MERMER” SPORT TOPARYNYŇ ÝEŇŞI
20.06.2023 650
“MERMER” SPORT TOPARYNYŇ ÝEŇŞI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy has hem beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan işlerde sportuň hem uly orny bardyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky 10698 belgili karary esasynda Türkmenistanyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly Spartakiada ýaryşlarynyň geçirilip başlanmagy, ýurdumyzyň sport abraýynyň ýokary göterilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar.

Sportuň giňden ýaýran görnüşlerini has-da ösdürmek, sagdyn, ruhubelent türgenleri ýetişdirmek we güýçli sportsmenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip gelinýär. Geçirilen bäsleşiklerde mekdebimiziň “Mermer” sport ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip gelýär. Has takygy 2010-njy ýyldan bäri Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň “Mermer” sport ýygyndy topary yzygiderli ýeňiji bolup, geçirilen bäsleşiklerde bassyr 11 gezek Çempionlyk münberinden düşmän gelýär.

2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli XII Spartakiadany geçirmeklige Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan badalga berildi. Şeýlelikde sportuň 12 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirilip, Paýtagtymyzyň dürli sport meýdançalarynda örän gyzykly hem çekeleşikli alnyp baryldy.

 2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda  Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XII Sport ýaryşlarynyň ýapylyş dabarasynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary münberiň iň ýokary basgançagyna çykyp, özleriniň  ýokary sport ussatlyklaryny görkezmekligi ýene-de bir gezek äşgär etdiler. Ýeňiji bolan talyplarymyza Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gymmat bahaly sowgatlarynyň, kubokdyr-medallarynyň we hormat hatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bizi has hem buýsandyrdy.

 Bu üstünlikleriň ählisi ýaşlarda sport bilen meşgullanmaga, olaryň dürli sport çärelerine gatnaşyp, özleriniň başarjaňlyklaryny görkezmäge giň ýol açan, sport ulgamynyň ösüşini belentliklere tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

      Bilim ulgamynda dünýä derejesindäki ösüşlere mümkinçilikleriň giň ýoluny açyp beren, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Bazar ALLAKOW
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw
mekdebiniň bedenterbiýe instruktory