Häzirki döwürde “Know-How” laryň zerurlygy
30.03.2021 1291
Häzirki döwürde “Know-How” laryň zerurlygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ata-watanymyz Türkmenistan ähli babatlarda uly ösüşlere beslenýär. Ähli ulgamlarda bedew bady bilen öňe barýan güneşli ülkämiz täze açyşlaryň, oýlap tapmalaryň we çemeleşmeleriň ilerledilýän ýurdyna öwrülýär. Bütin dünýäde täze innowasiýa tehnologiýalarynyň ösýän döwründe gündelik zähmetiň sarp edilmegini azaltýan we ösüşi talap etýän tehnologiýalar gün saýyn artýar. Şunuň bilen bir hatarda häzirki wagta dürli görnüşli täsin tehnologiýalar adamzadyň durmuşyna ornaşdyrylýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan ýurdumyzyň hem ähli pudaklaryna ösüşiň täze döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça çäreler alynyp barylýar. Häzirki wagtda bu ugurda esasy ileri tutulýan meseleleriň biri hem degişli pudaklara “Know-How”lary ornaşdyrmak bolup durýar.

Eýsem Know-How diýmek näme?

Know-How!? Bilmeli (Know) hem-de Nädip (How) diýen iňlis sözleriniň jemi bolup önümçiligiň syry diýen manyny hem göterýär. Know-How bolanda bu ylym hem-de tehnologiýalar ulgamynyň çäklerindäki peýda getirjek islendik häsiýetdäki täzeçil beýleki 3-nji adamlaryň habarly  bolmadyk maglumatydyr.

Ýokary tehnologiki ykdysadyýetde Know-How kärhananyň esasy bölegini tutýar.

Derejesine boýunça Know-How

- Fiziki şahslar bilen baglanşykly; (maglumat, endik we hereketler bolup olar fiziki şahs bilen aýrylmaz bagly bolup durýar)

- Kärhana bilen baglanşykly: (önümçilik prossesiniň hiliniň, köp ýyllaryň dowamyndaky däpleriň esasynda kämilleşdirilen tehnologiýalar.)

- Fiziki ýa-da ýuridiki şahslar bilen bagly bolmadyk, kesgitlemeler, aňlatmalar, shemalar, hasaplamalar, grafiki suratlar we şm. diýen toparlara bölünýär.

“Know-How”da beýan edilýän maglumatyň görnüşine görä şu aşakdaky toparlara bölünýär.

-         Ylmy we tehniki ugur;

Bu ugura tilsimat we düzgütçilik (konstruktor) çyzgylary, çözgütler, grafikler, gurnamagyň düzgünleri degişli. Beýle oýlap taplamalar inžener hasaplamalar we gurluşyk desgalaryny taslamak ugurlaryna hem degişli bolup bilýär.

-         Söwda satyş we bazara önüm çykarmak ugury;

Söwda-satyş pudagyna degişli oýlap tapmalar, harydy bazara çykarmagyň ýollary, alyjylar bilen arabaglanyşygy ýola goýmagyň usullary hem-de gerekli çig mallaryň iň ygtybarly we bähbitli ýollaryny gözlemek baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

-         Ýolbaşçylyk etmek ugur;

Işgärlere we iş prosessine ýolbaşçylyk etmek ugryndaky açyşlar - wezipeleri paýlamakda, ştat hasabyny üýtgetmekde we täze düzüm baglanşyklaryny döretmekde täzelikleri we usuly çemeleşmeleri girizmekden ybaratdyr.

-         Maliýe shemalary we işleri ýerine ýetirmek ugur;

Maliýe pudagyndaky açyşlar - maýa goýumlary köpeltmek maksady bilen tygşytlanan maliýe serişdelerini, paýnamalary (aksiýalary), gymmat bahaly kagyzlary tejribede ulanmagyň maksadalaýyk görnüşlerini oýlap tapmakdan ybarat.

Mysal üçin “Know-How” bolup  islendik täzeçil maglumatlar tehnologiýalar we işläp düzmeler, ugurlar hem-de usullar hyzmat edip biler.

Meselem

- El ýuwýan enjam - özi ellerimizi ýuwup hem gerek bolan möçberde sabyn hem-de antiseptik serişdelerini sepýär.

- Tozan sorujy enjam, diňe arassaçylyk etmän, dürli tagamlary hem bişirýär, eşikleri ýuwýar we internedyň üsti bilen dürli buýurmalary ýerine ýetirip bilýär.

- Awtoulag - hususy ulanyş üçin uçýan awtoulag.

- Diňe eliňi degireninden adamyň ähli kesellerini we näsaz organlaryny anyklap olary bejermegiň gysga ýollary barada maglumaty aýtýan enjam.

Häzirki wagta ýurdumyzda ähli ulgamlara “Know-How”lary ornaşdyrmak boýunça işler alynyp barylýar bu bolsa geljekde uly maksatlary nazarlaýan halkymyzyň gelejeginiň giňden, ähli taraplaýyn kämil bolmagy barada habar berýär. Çünki ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda şular ýaly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bütin dünýä bilen aýakdaş gitmeklik üçin wajyp şertleriň biri bolup durýar.

             Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Wepa HOMMYÝEW