Hormatly Prezidentimiziň
Berkarar döwletimizi batly gadamlar bilen öňe äkitmek baradaky rowaçlyga
beslenen başlangyçlary ozalky ýyllarda bolşy ýaly, “Türkmenistan –
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 25-nji fewralynda Ýurt
Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygyndaky giň
manyly çykyşynda hem has aýdyň beýanyny tapdy. Bu döwletli duşuşykda ýurdumyzy
2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny
üstünlikli amala aşyrmakda milli
parlamentiň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi. Mähriban halkymyzyň bagtyýar
geljeginiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň üstünde tutanýerli işlemek
barada deputatlaryň işine uly jogapkärçiligiň degişlidigi, Mejlisiň tutuş hukuk
binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, ilkinji nobatda bolsa, durmuş
ugruna gönükdirilen hukuk döwleti hökmünde ýurdumyzyň häzirki we geljekki
döwrüni gönüden-göni kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamagyň zerurdygy
ýene-de bir gezek nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiziň
belleýşi ýaly, “Kanun hukuk namasy bolup durýar. Ol ýurduň jemgyýetçilik
gatnaşyklaryny, raýatlaryň, kärhanalaryňdyr edaralaryň hukuklaryny we
borçlaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
Şonuň esasynda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hukuk
binýadyny berkitmek parlamentiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir”.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur mazmunly çykyşynda şol we beýleki wezipelere
abraý bilen hötde gelmekligiň anyk ýollary birin-birin salgy berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň giň
mazmunly çykyşynda watandaşlarymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlarymyzy Watany
söýýän, ýurdumyzyň geljegi hakynda alada edýän, milli däp-dessurlarymyza
biýsanyp ýaşaýan raýatlar hökmünde terbiýelemegiň halkyň ynanan wekilleriniň,
her bir maşgala agzasynyň, şeýle hem ähli ugurda zähmet çekýän raýatlarymyzyň
esasy maksady bolmalydygynyň aýratyn nygtalmagy ýurduň mizemezlik kuwwatynyň
nämelerden gözbaş alýandygy barada çynlakaý oýlanmalydygyny salgy berýär.
Hormatly Prezidentimiziň aýratyn belleýşi ýaly: “Ýaş nesillerimiziň sagdyn we
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny,
watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmek biziň baş maksadymyz bolup
durýar”.
Hormatly Prezidentimiziň her bölümi giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni
özüne çekip bilýän gymmatly pikirlerden püre-pür bolan “Türkmeniň döwletlilik
ýörelgesi” diýlip atlandyrylan kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly
bölümi ýaş nesliň bilim-terbiýesi babatda aýratyn gymmatly. Agzalan bölüm
tutuşlygyna terbiýeçilik, bilim, ylym, meselesine bagyşlanyp, ondaky beýan
edilýän pikirler milli pedagogikanyň aýrylmaz bölegini emele getirýär. Hormatly
Prezidentimiziň kesgitleýşi ýaly: “Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni
bolsa ylym-bilimdir”.
“Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan ösmek
ýaşlary terbiýelemekde köklerini asyrlardan alyp gaýdýan nusgalyk milli ýörelge
bolup durýar” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň geljegimiz bolan ýaşlar
baradaky aladasy ýurdumyzyň ýaşlar badadaky döwlet syýasaty bilen aýrylmaz
baglanyşykly bolup, Mejlisiň deputatlary bilen bolan bu gezekki duşuşygynda hem
bu meselä aýratyn üns berilmegi ata-babalarymyzyň sagdyn köklerinden gözbaş
alýar. Agajyň miwe bermeginiň, onuň saýa salmagynyň daragtyň sagdyn köklerine
bagly bolşy ýaly, halkyň ynanan her bir deputatynyň, her bir maşgalanyň, her
bir bilim işgäriniň... nesilleriň öňündäki raýatlyk borjuny ak ýürekden berjaý
etmeginde Gahryman Arkadagymyzyň anyk ýollary salgy berýän pähim-parasada
ýugrulan her bir öwüt-nesihatlary ýolumyza ýagty saçýar.
Goý, mähribam Prezidentimiziň
jany sag, ömri uzak bolsun, her bir il bähbitli, ýurt ähmiýetli, dünýä nusgalyk
tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Gulgeldi GULGELDIÝEW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory,
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.