Berkarar
Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň gurluşyk ulgamynda amala
aşyrylýan öňden görüjilikli we parasatly syýasaty iň gowy daşary ýurt
tejribesiniň öwrenilmegini ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň
ýörelgeleriniň seljerilmegini, döwrebap tehnologiýalaryň, şol sanda gün
energiýasynyň ulanylmagyny şeýle hem ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmek
nukdaýnazaryndan guralýan şäher düzüminiň oýlanşykly guralmagyny göz öňünde
tutýar. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň şäher ekologiýa
meselelerine, bagy bossanlyga bürelmegine, daşky gurşawy gowulandyrmagyň öňde baryjy
usullarynyň, serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalarynyň, dünýä
tejribeleriniň bu ugurda ulanylmagyna örän uly ähmiýet berýär.
Käbir
ösen döwletlerde ulanylýan “Akylly şäher” ulgamynyň özboluşly çözgütleri ähli
umumy we aýratyn meseleler boýunça amatly gurallary gözläp tapmaga itergi berýär.
Şäherleriň ilatynyň artmagy ýol dyknyşyklary, howanyň hapalanmagy energiýa
çeşmeleriniň ýetmezçiligi, azyk ýetmezçiligi ýaly meseleleri döredýär.
“Akylly
şäherler” daşky gurşawa zeper ýetirmezden görkezilen meseleleri şeýle hem
adamlaryň oňaýly ýaşamaklary işlemegi we bilim almagy üçin şertleri döretmek
bilen bagly meseleleri çözmek üçin şertleriň dördüsiniň döredilmegini göz
öňünde tutýar.
Gün
energiýasyny dolandyrmak. Eger energiýa çeşmeleriniň azalýan hem-de oňa bolan
islegiň artýan döwründe olaryň oýlanşykly ulanmagy guralmasa onda üpjünçilik peseler,
bahalary bolsa ýokarlanar. Bu ugurda daşky gurşawyň hem-de öýlerde energiýanyň
tygşytly sarp edilmegini üpjün etmek meselelerini nazara almak gerek. Öýlerde
oturdylan “akylly” ulgamlary otaglary ýyladyş we yşyklandyryş işini, durmuşda
ulanylýan tehnikalaryň sarp etýän energiýasynyň takmynan möçberini yzygiderli
gözegçilikde saklaýar. Ýaşaýyş jaýlarynda, edaralarda we kärhanalarda ulanylýan
“A” toparyň energiýa tygşytlaýjy enjamlarynyň kömegi bilen energiýanyň artykmaç
sarp edilmeginiň öňi alynýar. Önümçiliklerde bolsa, gün, suw we ýel ýaly arassa
energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy göz öňünde tutulýar, bu bolsa, olary sarp
edijilere ugradylanda ýitgileri azaltmagyna mümkinçilik berýär.
Ikinji şert: ulag
ulgamlaryny “intelektuallaşdyrma”. Ýol hereketinde ulag serişdeleriniň sanynyň
artmagy bilen baglylykda ýollarda ýüze çykýar, dyknyşyklar wagtyň gitmegine,
ýangyjynyň harçlanmagyna, howanyň hapalanmagyna getirýär. Bu meseläni çözmek,
ulag akymlaryny kadalaşdyrmak üçin maglumat tehnologiýalary ulanylýar. Şäheriň
belli bir nokatlarynda oturdylan senser ulgamlaryndan alynýan maglumatlaryň
kömegi bilen sürüjilere ýollaryň ýagdaýy, şeýle hem barmaly ýere çenli gysga
ýoly görkezýän maglumatlar iberilýär. Ýol çatryklarynda oturdylan “Akylly” datçikler
ulag akymyny kadalaşdyrýar, dyknyşyklaryň döremeginiň öňüni almaga ýardam
edýär. Jemgyýetçilik ulaglarynyň hereket etmegi üçin kesgitlenen zolak ýola
gidýän wagty tygşytlamak babatda ýolagçylar üçin amatly ýagdaý döredýär. Şuňa
mysal hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny görkezmek bolar. Bu ýerde
ulag gatnawlarynyň we beýleki kommunikasiýalaryň takyk we oýlanşykly ulgamy
döredildi.
Üçünji şerti: Umumy elektron ulgamy. Häzir Türkmenistanda elektron senagatyny döretmek
boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, ol “Akylly şäher” ulgamy
üçin esasy şertleri döretmäge mümkinçilik berer. Raýatlara we müşderilere
elektron ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmek üçin töleg
tabşyryklarynyň dürli görnüşlerini ýa-da habarnamalaryny ugratmak üçin ösen
düzüm ulgamynyň ulanylmagy ýa-da daşary çykmazdan, belli bir aralykdan maliýe
amallaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Dürli töleg kartlarynyň
ornaşdyrylmagy, ýol hereketini ýeňilleşdirmek bilen kagyz petekleriniň elektron
görnüşlerine çalşylmagy kagyzyň sarp edilmegini azaltmaga ýardam edip, daşky
gurşawa oňyn täsirini ýetirýär.
“Akylly binalar”. Düzgün bolşy ýaly, dünýä boýunça sarp edilýän
energiýanyň 40%-i binalara hyzmat etmegiň paýyna düşýär. Onuň sarp edilişini
azaltmak üçin ähli ýaşaýyş jaý toplumlary we binalar senser ulgamlary bilen
üpjün edilýär, alynýan maglumatlar esasynda energiýa sarp edilişini azaltmaga,
howpsuzlygy, özbaşdaklygy üpjün etmäge gönükdirilen öňüni alyş çäreleri kabul
edilýär. Şeýle binalar özi üçin zerur bolan energiýany işläp çykarmaga
zerurdyr. Mundan başga-da suwy rejeli peýdalanmak, peýdaly çig mal hökmünde akar
suwlaryny gaýtadan ulanmak ýaly işleri dolandyrmak mümkindir.
“Akylly şäher” ulgamynyň
netijeliligini aýdyň mysallary hökmünde gün energiýasyny üstünlikli
peýdalanmagyň birnäçe maglumatlaryny hem-de dünýäniň käbir şäherlerinde
ulanylýan özboluşly çözgütleri görkezmek bolar.
“Tesla”
kompaniýasynyň işi şeýle mysallaryň biri bolup hyzmat edýär. Ol diňe elektro
mobilleriň önümçiligi bilen çäklenmän, eýsem öz işläp taýýarlan energiýa
toplaýjylary we täze tehnologiýalary bilen hem tanalýar. Innowasiýalara aýratyn
üns berýän “Tesla” bir gatly jaýlar üçin niýetlenen gün batereýalaryndan ybarat
üçegi işläp taýýarlady. Kompaniýanyň täzelikleriniň hatarynda – Power Ball iki
energiýa toplaýjysy bolup, onuň kuwwaty bir hojalygy we elektromobili elektrik
energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Däbe öwrülen
çerepisanyň ornuna gün panelleri bolan üçekleriň ulanylmagy jaýyň ygallardan
goralmagyny üpjün eder. Olar öz dizaýny, reňk öwüşginleri we şekilleri bilen
hem tapawutlanýar. Bu önümiň dürli görnüşleri bolmagy müşderilere jaýyň
ýüzünden we otaglaryň ýerleşdirilişinden ugur almak bilen, öz islegine görä
olary saýlamaga, şunlukda jaýlaryň daşky keşbiniň birmeňzeşliginden gaça
durmaga mümkinçilik berýär. Gün panelli üçekler çerepisalardan has mäkämdir.
Synag geçirilende agramy meňzeş bolan daşlar çerepisa we gün panelli üçege
oklanyldy. Şunda çerepisa harap boldy, täze üçek bolsa, diňe jaýryldy.
Mälim boluşy
ýaly, energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ulanylmagy howanyň we tebigatyň
arassalygyna uly täsirini ýetirýär. Emma ýylyň islendik pasylynda we islendik
howa şertlerinde ýelden ýa-da günden, hat-da akar suw çeşmelerinden energiýa
almak mümkin däl. Suwuň kesilmegi önümçiligiň togtamagyna ýa-da peselmegine
getirip biler. Ösen tehnologiýalaryň ulanylmagy bökdençlikleriň öňüni almaga
mümkinçilik berýär. Gün energiýasy has arassasy hasaplanýar. Gün beketleri
ýagmyrly ýa-da bulutly howada garaşylýan netijelerini bermeýär. Şeýle ýagdaýyň
öňüni almak maksady bilen Hytaýly hünärmenler ýagyş damjalaryndan energiýa
işläp çykarýan gün panellerini taýýarladylar. Emma bu usul entäk hiç hilli netije
bermeýär. Bu tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi paneller islendik howa
şertlerinde öz işjeňligini ýitirmez we energiýa öndürmegini dowam eder. Bu
bolsa, öz nobatynda güneşli sebitlerde şeýle tehnologiýalar arkaly işlenilip
taýýarlanylýan energiýanyň arassa görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik
berer.
Aýdyň mysallaryň
ýene-de biri hökmünde aždarhanyň görnüşinde Taýwanda gurulan Milli stadiony
görkezmek bolar. Ol 2009-njy ýylda Bütindünýä oýunlaryny- sportuň olimpiýa däl
görnüşlerini geçirmek üçin guruldy.
Häzir futbol ýaryşlaryny geçirmek üçin ulanylýan milli stadion 55 müň tomaşaçy
üçin niýetlenendir. Stadionyň münberleri gün energiýasyny elektrik toguna
öwürýän fotoelementler bilen üpjün edildi. Bu desga gün energiýasyny ulanýan
dünýäde ilkinji stadion diýen adyna eýe boldy. Işlenip çykarylýan elektrik
energiýasy stadionyň ähli böleklerini doly üpjün edýär. Çärelerden boş günler
işlenip çykarylýan energiýa ýerli ýaşaýjylaryň hajatlaryna sarp edilýär.
Şu ýerde Saud Arabystanynda gurulmagy meýilleşdirilen, dünýädäki iri ferma barada iki agyz durup geçeliň, ol gün batareýalarynda işlediler. Bu desganyň kuwwaty beýleki taslamalar bilen deňeşdirilende 100 esse ýokary bolar. Bahasy ABŞ-nyň 200 milliard dollaryna barabar bolan bu fermanyň gurluşygyny 2030-njy ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.