Ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde talyp ýaşlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilýär.
Öňden habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmekligi tabşyrdy we ony ilkinji nobatda mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde guramalydygyny nygtady.
Lukmanlar bu tabşyrygy gaýra goýmasyz ýerine ýetirmäge başladylar. Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny geçirmek üçin ÝOM-larda terapewtlerden, gulak-burun-bokurdak lukmanlaryndan, göz lukmanlaryndan, stomatologlardan we dermatologlardan, şeýle hem arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň hünärmenlerinden ybarat ýörite lukmançylyk toparlary döredildi.
Saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň dowamynda keselleriň öňüni almaga ýa-da olary haýallatmaga mümkinçilik berýän howp faktorlary diýip atlandyrylýan keselelriň ýaýramagyna täsir edýän faktorlar ýüze çykarylýar. Şeýlelikde, talyplarda haýsamda bolsa bir patologiýa ýüze çykarylan ýagdaýynda olar ýaşaýan ýeri boýunça degişli Saglyk öýünde dispanser hasabyna alynýar.